Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet Gullugy akademiýasy — презентация
logo
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet Gullugy akademiýasy
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet Gullugy akademiýasy
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet Gullugy akademiýasy
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet Gullugy akademiýasy
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet Gullugy akademiýasy
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet Gullugy akademiýasy
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet Gullugy akademiýasy
  • Türkmen topragynda bürü n ç zamanynda dörän ilkinji döwlet Altyndepe şäher döwletidir.Altyndepe gadymy dünýäniň şol döwürde maddy kuwwaty görlüp-eşidilmedik
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet Gullugy akademiýasy
  • Altyndepe şäher döwletiniň ilaty 3 sany gatlaga bölünipdir. 1.Döwleti dolandyrýan topar ýagny ruhanylar, serdarlar degişli bolupdyr. 2. D öwletiň gurply
  • Altyndepe şäher döwleti
  • Soňky 40-50 ýylyň dowamynda Altyndepede düýpli arheologiýa barlaglary geçirildi. Bu ýerde yzygiderli gazuw - agtaryş işlerini geçiren alymlaryň biri hem
  • Altyndepäniň töweregi galyň diwar bilen gurşalypdyr. Diwar çig kerpiçden galdyrylyp, onuň boýy 23 metre barabar ekeni. Diwaryň içinde ägirt uly ybadathana
  • Altyndepe şäher döwletiniň merkezinde ýerleşen ybadathananyň arhitektura gurluşy Mesopotamiýadaky binalaryň gurluşyna meňzeş bolupdyr. Bu bolsa Altyndepe şäher
  • Altyndepeden öküziň hem-de böriniň altyndan ýasalan kelle heýkelleri tapyldy. Öküziň gözleri pöwrize daşyndan oturdylypdyr, onuň maňlaýyna hem şol daşdan Aýyň
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet Gullugy akademiýasy
  • Altyndepede önümçiligiň dürli görnüşlerini ösdürmegiň merkezine öwrilipdir. Gadymy ussalaryň toýundan, galaýydan, mermerden ýasan heýkelleri, özleriniň ýokary
  • Altyndepede 3 sany möhüm özgerişler bolup geçipdir: 1.Haýwanlar, arabalar ýük çekiş güýji hökmünde ulanylyp başlanypdyr. 2.Toýundan gap – gaçlary ýasamakda
  • Jemgyýetiň medeniýetleşip başlamagy bilen ilkinji sungatlar,urp-adatlar,ahlaklar hem-de ynanç-ygtykatlar,diller hem-de hat-ýazuw döräpdir.Altyndepe ýazuwyň iň
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet Gullugy akademiýasy
  • Jeýtun medeniýetiniň gelip çykyşy
  • Kümüşden,altyndan,bürüçden,gymmatbahaly daşlardan,pil gyýaklaryndan sünnäläp nagyşly şekilleri, şaý-sepleri, daşdan we bürünçden gap-gaçlary,ýüzüne ýolbarsyň,
  • Türkmen topragynyň bu ilkinji şäherinde demri gyzdyryp ýençmegiň, galaýyny eredip guýmagyň gizlin syrlaryny ele alan senetçileriň we hünärmentleriň gönüburç
  • Altyndepe şäher döwletinde ýaşaýyş b.e.öňki 2 müňýyllygyň ortalarynda birdan togtapdyr.Altyndepe şäher döwletinde ýaşaýşyň birdan togtamagynyň sebäplerini şu
  • Altyndepäniň ilaty Murgap derýasynyň aşaky akymlaryna, Amyderýanyň orta akymlaryna süýşüpdirler.Namazgadepäniň ilaty hem şol wagtlarda şolar bilen bile
  • Paryzdepe. Gökdepe etrabynyň Babarap obasynyň golaýynda ýerleşýär.
  • Diňläniňiz üçin sag boluň!
1/26

Первый слайд презентации: Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet Gullugy akademiýasy

Taýýarlan.Boranowa Keýik Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet Gullugy akademiýasy Ders.Türkmen halkynyň milli medeni mirasy

Изображение слайда

Слайд 2

Türkmenistanyň günorta etraplarynda ýüze çykan iň gadymy ekerançylyk merkezi dünýä taryhynda “Jeýtun medeniýeti” ady bilen bellidir. B.e. Öňki V müňýyllyga degişlidir.ol Aşgabat şäheriniň 30 km demirgazyk – günbatarda ýerleşýär. Jeýtun medeniýeti esasan ekerançylyk, maldarçylyk bilen meşgullanypdyrlar. Jeýtun medeniýetinden gazuw agtaryş işleri geçirilende ol ýerlerde küýzeleriň, gap-gaçlaryň tapylandygy subut edýär. Jeýtun medeniýetiniň ýadygärliklerini 3 döwüre bölüpdirler. Irki, orta, giçki döwürlere bölünipdir. Ahal welaýatynyň Bamy obasyndan başlap tä Mäne-Çäçe obasyna çenli aralygy öz içine alypdyr.

Изображение слайда

Слайд 3

Köpetdagdan akyp gaýdýan suw çeşmeleri Garagumyň çägeliklerine ýetip siňýär ekeni. Emma heniz ýeriň yzgary gitmänka, adamlar ýere tohum taşlapdyrlar. Şeýlelikde, biziň ýurdumyzda däne ekininiň esasyna goýanlar jeýtunlylar bolupdyr. Jeýtunlylaryň oturymly ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgul bolan döwründe dünýäniň köp böleginde adamlar ýabany ösümlikleri ýygnamak, aw awlamak bilen meşgullanypdyrlar.

Изображение слайда

Слайд 4

Je ý tun medeni ý etini ň ý adyg ä rlikleri üç d ö wre b ö l ü n ýä r. 1- nji d ö wr ü ne Je ý tundepe, Ç opandepe, Togalak depe ; 2- nji d ö wr ü ne Pessejik depe, Ç opandepe hem - de G ö kdepe etrabyndaky be ý leki ý adyg ä rlikler ; 3- nji d ö wr ü ne M ä ne bilen Çäçä ni ň arasyndaky Ç agylly depe degi ş lidir.

Изображение слайда

Слайд 5

Ekerançylyk bilen baglanşykly işleriň artmagy hojalykda atanyň rolunyň ýokarlanmagyna getiripdir. Indi enelik urugy öz ornuny atalyk urugyna berip başlayar indi aýallar öý işleri, çagalary terbiýelemek bilen meşgullanyp başlaýarlar urugy dolandyrmaklygy hem atalar öz ellerine alypdyrlar. Indi urug aksakgaly, çopan, goranmak işleri, uruş meseleleri, ekerançylyk işlerini alyp barmak erkekleriň paýyna düşüp ugraýar. Maldarçylyk hojalygynyň möhüm pudaga öwrülip ugramagy bilen baglanşykly ol ekerançylykdan bölünip aýrylýar. Mallaryň sanynyň kem-kemden köpelmegi giň öri meýdanlaryny talap edipdir. Indi çarwalar täze öri meýdanlaryny gözläp ondan-oňa göçüp ýöremeli bolupdyrlar. Olar öz çagalaryny hem bile alyp gidipdirler. Bu ýagdaý öz gezeginde çarwa maldarçylyk hojalygynyň ekerançylykdan bölünip aýrylmagyna getiripdir. Maldarçylygyň ýüze çykmagy dokmaçylygyň ösmegine getiripdir. B.e.öňki II müň ýýllyk Enolit daş asyryndan bürünç asyryna geçmekligi aňladypdyr. Bu döwür Türkmenistanyň ilatynyň taryhy ösüşinde aýratyn eýýam bolup durýar.

Изображение слайда

Слайд 6

Altyndepe sebitde ilkinji şäher döwletleriň biridir

Изображение слайда

Слайд 7: Türkmen topragynda bürü n ç zamanynda dörän ilkinji döwlet Altyndepe şäher döwletidir.Altyndepe gadymy dünýäniň şol döwürde maddy kuwwaty görlüp-eşidilmedik derejede ýokary göterilen iň uly şäher döwletleriň biridir.Ol b.e.öňki III müňýyllygyň I ýarymynda döräp, şol müňýyllygyň ahyryna çenli dowam edipdir

Изображение слайда

Слайд 8

Altyn depäniň harabaçylygy Altyn asyr etrabynyň Mäne obasynyň golaýynda ýerleşýär. Altyndepe ozalky SSSR-iň territoriyasyndaky iň gadymy şäherdir. Ol 46 ga. Meýdany tutyp, bu şäherde 5000-e golaý ilat ýaşapdyr.

Изображение слайда

Слайд 9: Altyndepe şäher döwletiniň ilaty 3 sany gatlaga bölünipdir. 1.Döwleti dolandyrýan topar ýagny ruhanylar, serdarlar degişli bolupdyr. 2. D öwletiň gurply adamlary we hususyýetçiler degişli. 3.Döwletiň iň ýönekeý garyp topary degişli bolup,olar şäheriň gyra çetlerinde hütdük jaýlarda ýaşapdyrlar. Ruhanylar, serdarlar şäheriň merkezinde ýaşaýan bolsalar,olaryň daş-töwereginde şäheriň gurply baý adamlary ýaşapdyrlar

Изображение слайда

Слайд 10: Altyndepe şäher döwleti

Изображение слайда

Слайд 11: Soňky 40-50 ýylyň dowamynda Altyndepede düýpli arheologiýa barlaglary geçirildi. Bu ýerde yzygiderli gazuw - agtaryş işlerini geçiren alymlaryň biri hem W.M.Massondyr. Onuň 1981-nji ýylda neşir edilen “Altyndepe” diýen işi T ürkmenistanyň gadymy taryhy boyunça örän gymmatly çeşmedir

Изображение слайда

Слайд 12: Altyndepäniň töweregi galyň diwar bilen gurşalypdyr. Diwar çig kerpiçden galdyrylyp, onuň boýy 23 metre barabar ekeni. Diwaryň içinde ägirt uly ybadathana jaýynyň üsti açyldy. Ol hem çig kerpiçden gurlypdyr we ybadathananyň çykgytlary piramidanyň çykdytlaryna çalymdaş bolupdyr. Altyndepeliler ybadathanany özleriçe piramida meňzedipdirler

Изображение слайда

Слайд 13: Altyndepe şäher döwletiniň merkezinde ýerleşen ybadathananyň arhitektura gurluşy Mesopotamiýadaky binalaryň gurluşyna meňzeş bolupdyr. Bu bolsa Altyndepe şäher döwletiniň Mesopotamiýa bilen gatnaşyklary saklan bolmaly diýen pikire gelýär. Altyndepede geçirilen gazuw- agtaryş işleri mahaly piliň süňkünden ýasalan (şirmaýy) gaplaryň, bürüçden, misden ýasalan zatlaryň ýüzlerine hindi sungatyna mahsus nagyşlaryň salynmagy bolsa Altyndepäniň Hindistan bilen hem söwda – medeni gatnaşyklary ýola goýandygyna güwä geçýär

Изображение слайда

Слайд 14: Altyndepeden öküziň hem-de böriniň altyndan ýasalan kelle heýkelleri tapyldy. Öküziň gözleri pöwrize daşyndan oturdylypdyr, onuň maňlaýyna hem şol daşdan Aýyň şekili basylypdyr. Gadymy Gündogarda bu görnüşdäki öküziň şekili, Hudaýa çokunmagyň iň ýokarky derejesi hasaplanypdyr. Öküz ene ýeriň hasyl bermegine sebäp bolýar. Öküz ýaşaýşy, dünýäni, jemgyýeti herekete getirýär. Aý şekili bolsa Oguz hanyň-”Ak maýanyň ýoluny” aňladypdyr. Möjegiň altyn heýkeljigi bolsa biziň gadymy oňonymyz - ”gurduň” şekilidir

Изображение слайда

Слайд 15

Изображение слайда

Слайд 16: Altyndepede önümçiligiň dürli görnüşlerini ösdürmegiň merkezine öwrilipdir. Gadymy ussalaryň toýundan, galaýydan, mermerden ýasan heýkelleri, özleriniň ýokary gymmatlyklary bilen diňe Merkezi Aziýada däl, eýsem gadymy Gündogarda-da öz ornuny tapypdyr

Изображение слайда

Слайд 17: Altyndepede 3 sany möhüm özgerişler bolup geçipdir: 1.Haýwanlar, arabalar ýük çekiş güýji hökmünde ulanylyp başlanypdyr. 2.Toýundan gap – gaçlary ýasamakda küýzegärçilik çarhy paýdalanylyp başlanýar. 3.Metal işläp bejermek ýüze çykýar. Misden we demirden dürli zatlary ýasamaga, altyn – kümüş işläp bejermäge başlapdyrlar

Изображение слайда

Слайд 18: Jemgyýetiň medeniýetleşip başlamagy bilen ilkinji sungatlar,urp-adatlar,ahlaklar hem-de ynanç-ygtykatlar,diller hem-de hat-ýazuw döräpdir.Altyndepe ýazuwyň iň gadymy surat görnüşiniň-piktografiýanyň dörän sebitidir.Ýüzüne “Beýik Taňry” diýen sözler ýazylan haç görnüşli möhür-piktografik ýazgy hat sungatynyň hem gözbaşyny taryhyň müňýyllyklaryndan alyp gaýdýandygyny ykrar edýär

Изображение слайда

Слайд 19

Изображение слайда

Слайд 20: Jeýtun medeniýetiniň gelip çykyşy

Jeýtun medeniýeti Merkezi Aziýanyň günortasynda Köpetdagyň eteginde dörän b.e. öňki VI müňýyllyga degişli iň gadymy ekerançylyk medeniýetidir. Bu medeniýetiň ýadygärlikleri Jeýtun, Pessejikdepe, Täze Nusaý galasynyň aşaky gatlagy, Çopan depe, Çakmakly depe Köpetdagdan akyp gaýdýan kiçijik çaýlaryň ugrunda, olaryň guma ýaýrap gutarýan ýerlerinde ýerleşipdirler.

Изображение слайда

Слайд 21: Kümüşden,altyndan,bürüçden,gymmatbahaly daşlardan,pil gyýaklaryndan sünnäläp nagyşly şekilleri, şaý-sepleri, daşdan we bürünçden gap-gaçlary,ýüzüne ýolbarsyň, öküziň, gaplaňyň we ýyrtyjy haýwanlary ýeňýän gahrymanlaryň şekilleri nepislik bilen çekilen möhürleri ýasamak senetçi altyndepelileriň söýgüli käri bolupdyr

Изображение слайда

Слайд 22: Türkmen topragynyň bu ilkinji şäherinde demri gyzdyryp ýençmegiň, galaýyny eredip guýmagyň gizlin syrlaryny ele alan senetçileriň we hünärmentleriň gönüburç çig kerpiçden bina edilen mähelleleri bolupdyr. Şäheriň merkezinden owadanlyk we arassalyk üçin daş düşelen giň hem-de uzyn ýol geçipdir.Şäheriň köşk ymaratlar toplumy, ybadathanasy, ammarlary türkmen topragynda irki binagärlik sungatynyň kämil derejede bolandygyna şaýatlyk edýär

Изображение слайда

Слайд 23: Altyndepe şäher döwletinde ýaşaýyş b.e.öňki 2 müňýyllygyň ortalarynda birdan togtapdyr.Altyndepe şäher döwletinde ýaşaýşyň birdan togtamagynyň sebäplerini şu aşakdaky 2 sany çaklama bilen düşündirilýär. 1.Ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda ýerleriň yzygiderli ulanylmagy sebäpli onuň şorlaşmagy we hasylyň düýpli pese gaçmagy. 2.Onlarça ýyllaryň dowamynda yzygiderli gurak howanyň bolmagy netijesinde adamlar başga ýerlere gitmäge mejbur bolupdyrlar

Изображение слайда

Слайд 24: Altyndepäniň ilaty Murgap derýasynyň aşaky akymlaryna, Amyderýanyň orta akymlaryna süýşüpdirler.Namazgadepäniň ilaty hem şol wagtlarda şolar bilen bile süýşüpdirler diýip çaklanylýar

Изображение слайда

Слайд 25: Paryzdepe. Gökdepe etrabynyň Babarap obasynyň golaýynda ýerleşýär

Paryzdepe 2016-njy ýylda gazuw agtaryş işleri geçirilende külalçylyk bilen meşgullanypdyrlar. Müňlerçe ýyl mundan ozal ýüňi gaýtadan işläp, ondan dürli görnüşli matalaryň we halylaryň dokalandygyny görkezýär. Paryzdepe Nusaýa degişli bolup Paryzdepäniň üstünden kerwenler söwda üçin geçipdirler.

Изображение слайда

Последний слайд презентации: Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet Gullugy akademiýasy: Diňläniňiz üçin sag boluň!

Изображение слайда

Похожие презентации

Ничего не найдено